JEMGYÝET

Türkmenistan «RES 2026 EXPO» sergisine gatnaşdy

Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de Ermenistanyň, Gruziýanyň, Mongoliýanyň Prezidentleriniň, Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň we beýleki ýurtlardan resmi wekiliýetleriň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän «EXPO» halkara sergiler merkezinde guralýan «RES 2026 EXPO» halkara sergisine baryp gördüler. Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we Azerbaýjanyň milli pawilýonlary ýerleşdirilen giň gerimli gözden geçirilişde Türkmenistanyň pawilýonyna hem aýratyn orun berlipdir.

«Ýaşyl» tehnologiýalaryň we durnukly çözgütleriň «RES 2026 EXPO» halkara sergisi Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti bilen utgaşyklylykda geçirilip, onuň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş babatda gazanan üstünliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr. 22 — 24-nji aprel aralygynda dowam etjek sergi 30 ýurtdan 300-e golaý kompaniýanyň wekillerini bir ýerde jemleýär. Onuň dowam edýän günlerinde gözden geçirilişe 20 müň töweregi adamyň baryp görmegine garaşylýar.

«RES 2026 EXPO» halkara sergisi Sebitleýin ekologiýa sammitiniň aýratyn resmi bölegi bolup, onda sebitiň ekologik geljegini kemala getirýän tehnologiýalardyr innowasiýalara: gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw we howa ulgamlary, sirkulýar ykdysadyýet, emeli aň, «ýaşyl» maliýe, «akylly» şäherler, biodürlüligi gorap saklamak, ekologik gurluşyk, häzirki zaman agrotehnologiýalary ýaly ugurlara uly üns berilýär.

Sergide durnukly ösüş ulgamynda çözgütleri hödürleýän kompaniýalar öz taslamalaryny tanyşdyrmaga, özara gatnaşyklary ýola goýmaga, täze maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.

Ýene-de okaň

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Aral sammitinde çykyş etdi

Türkmenistan Merkezi Aziýada suwdan peýdalanmak boýunça sebit geňeşini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady