SPORT

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Ispaniýanyň “Real” we “Barselona” klublarynyň öňki futbolçysy George Haji Rumyniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Rumyniýanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

“Rumyniýanyň Futbol federasiýasy ýurduň taryhyndaky iň görnükli wekiliniň baş tälimçi wezipesine bellenilendigini yglan edýär. Aýratyn üstünlikleriň simwoly bolan George Haji, milli ýygyndyny dünýä futbolynyň elitasyna gaýtaryp getirmek maksady bilen, indiki iki saýlama tapgyry üçin şertnama gol çekdi” diýlip, federasiýanyň beýanatynda bellenilýär.

Haji 61 ýaşynda. Ol öz döwründe Rumyniýanyň “Stýaua”, Italiýanyň “Breşia” we Türkiýäniň “Galatasaraý” klublarynda hem çykyş etdi. “Real” we “Barselona” bilen bilelikde Ispaniýanyň Naýbaşy kubogynyň (Superkubogynyň) eýesi boldy.

“Galatasaraýyň” düzüminde bolsa dört gezek Türkiýäniň çempiony boldy, UEFA Kubogyny (häzirki Ýewropa Ligasy) we UEFA Naýbaşy kubogyny gazandy.

“Stýaua” bilen üç gezek Rumyniýanyň çempiony boldy; 1988/89 möwsüminde buharestli topar bilen Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň (häzirki Çempionlar Ligasy) finalyna çykdy, 1987/88-nji ýylyň möwsüminde bolsa şol ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy.

Rumyniýanyň milli ýygyndysynda Haji 125 oýun geçirip, 35 gol urdy. Ol Adrian Mutu bilen birlikde rumyn ýygyndysynyň iň köp gol geçiren oýunçylarynyň sanawynda birinji orny paýlaşýar.

2024-nji ýyldan bäri Rumyniýanyň ýygyndysyna Mirça Luçesku tälimçilik edýärdi. 7-nji aprelde Luçesku 80 ýaşynda aradan çykypdy.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri