BIZNES

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Russiýanyň telekeçilik düzümleri türkmen kärdeşleri bilen gara metallaryň önümçiliginiň doly siklini döretmek, şeýle hem awtomobil senagaty we nebit-gaz enjamlary pudagynda hyzmatdaşlyk edýärler. Bu barada Russiýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Denis Manturow «Innoprom. Merkezi Aziýa» halkara senagat sergisiniň plenar mejlisinde eden çykyşynda belledi.

«Öz gezeginde, türkmen kärdeşlerimiz bilen biziň işewürlik gatnaşyklarymyz gara metallaryň önümçiliginiň doly siklini döretmegiň üstünde, şeýle-de awtoenjamlar we nebit-gaz pudagy boýunça işleşýär» diýip, Denis Manturow Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen forumda aýtdy.

Manturow rus kärhanalarynyň Täjigistanda metallurgiýa, maşyngurluşyk, derman senagaty we ýeňil senagat pudaklarynda hem taslamalary amala aşyrýandygyny belledi. Şeýle hem Russiýa Gyrgyzystanyň esasy daşary ýurt maýa goýujylarynyň üçlügine girýär. Ol ýerde gün we ýel energiýasy desgalarynyň gurluşygy, şeýle-de demir ýol ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

«Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlary bilen gidroenergetika we ygtybarly suw üpjünçiligi meselelerine aýratyn üns berýäris. Şeýle hem, hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri Russiýa taslamasy esasynda atom elektrik stansiýalarynyň gurulmagy bilen baglanyşyklydyr» diýip, Russiýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary nygtady.

Ýene-de okaň

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Daşoguzda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi