BIZNES

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň senagat ministrleriniň birinji mejlisi geçirildi. 20-nji aprelde Daşkentde geçirilen bu çärä maýa goýumlary, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow gatnaşdy. Özbegistanyň başlangyjy bilen döredilen täze hyzmatdaşlyk formaty, sebit ýurtlarynyň arasynda bilelikdäki senagat taslamalaryny durmuşa geçirmek we kooperasiýany çuňlaşdyrmak üçin mehanizm bolar.

Özbegistanyň jemi içerki önüminde (JIÖ) senagatyň paýynyň 27%-e ýetendigi, senagat önümçiliginiň möçberiniň bolsa soňky ýyllarda iki esse artandygy bellenilýär. 2025-nji ýylda hyzmatdaş ýurtlar bilen haryt dolanyşygy 21 milliard ABŞ dollaryndan geçdi, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde bolsa ýene 26% ösdi.

Mejlisiň dowamynda adaty söwda gatnaşyklaryndan has çuňňur senagat hyzmatdaşlygyna geçmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Esasy teklipler:

  • Senagat kooperasiýasynyň we önümçiligiň bitewi maksatnamasyny taýýarlamak;

  • 10 müň hünärmen taýýarlamaga gönükdirilen «Ýaş senagat liderleri – 2030» başlangyjyny durmuşa geçirmek;

  • Bilelikdäki taslamalary öňe sürmek üçin bilmenler toparyny döretmek.

Duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary we geljekki hyzmatdaşlyk ugurlaryny tassyklaýan bilelikdäki teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi