BIZNES

Türkmenistan Ýewropa we Merkezi Aziýa üwmeç eksport eder

Türkmenistanyň we Awstriýanyň kompaniýalary Türkmenistanda öndürilýän üwmeçleriň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň bazarlaryna eksport etmek üçin hyzmatdaşlyk eder. Türkmenistanda üwmeç hem-de pomidor goýultmasy önümçiligini alyp barýan “Nedir Gala” kompaniýasy bilen Awstriýanyň maýonez, üwmeç we beýleki dürli pomidor önümlerini öndürýän “Spak” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Bu resminama Türkmenistanda üwmejiň we maýoneziň täze markalaryny öndürmäge we olaryň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň bazarlaryna eksportuny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem golaýda Wenada geçirilen 12-nji türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisinde “Döwrebap Ulag Merkezi” kompaniýasy bilen Awstriýanyň “Zoloto GmbH” kompaniýasynyň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk gazanyldy. Bu hem logistika amallaryny ösdürmäge giň mümkinçilikler döreder.

Related posts

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Türkmenistan – Belarus: halkara sergiler boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan 2029-njy ýyla çenli tebigy gaz önümçiligini 116 milliard kubmetre ýetirer