SPORT

“Sewilýa” topary finalda

Ispaniýanyň “Sewilýa” topary Ýewropa ligasynyň ýarym final duşuşygynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyny 2:1 hasabynda utup, bu kubogyň final duşuşygynda oýnamaga hukuk gazandy.

Ýarym final duşuşygynda ýeňlen Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary 2017-nji ýyldan bäri hiç hili kubok gazanyp bilmän gelýär.

Şeýlelikde, “Sewilýa” topary 6-njy gezek UEFA Ýewropa ligasynyň final tapgyryna çykdy. Mundan ozalky 5 finalynda ýeňiş gazanypdy. “Sewilýa” 2005/06, 2006/07, 2013/14, 2014/15, 2015/16 möwsümlerinde Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanypdy.

UEFA-nyň kubogy 2009-njy ýylda Ýewropa ligasynyň kubogy hökmünde üýtgedilipdi.

Finalda «Sewilýa» topary «Inter» bilen «Şahtýor» jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder