SPORT

“Inter”, “Şahtýor”, “Kopengagen” we “Mançester Ýunaýted” çärýek finalda

Ýewropa Ligasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň 1/8 final duşuşygynyň netijeleri boýunça Italiýanyň “Inter” topary bilen Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary çärýek finala çykdy.

“Inter” topary Ispaniýanyň “Hetafe” toparyny Romelu Lukakunyň we Kristian Erikseniň geçiren gollary bilen 2:0 hasabynda utdy.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli “Inter” we “Hetafe” hem-de “Sewilýa” we “Roma” toparlarynyň duşuşyklaryny mart aýynda geçirmek başa barmady. Şonuň üçin Ýewropanyň Futbol Assosiasiýasy (UEFA) bu toparlaryň ýeňijileri diňe bir duşuşykda we başga ýurduň stadionynda geçirmek arkaly kesgitlemek kararyna geldi.

Şonuň üçin “Inter” we “Hetafe” duşuşygy Germaniýanyň Gelzenkirhen şäherinde geçirildi.

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary öz meýdançasynda Awstriýanyň LASK toparyny 2:1 hasabynda utdy. Iňlis toparynyň gollaryny Jessi Lingard we Antoni Marsiýal öz adyna ýazdyrdy.

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary çärýek finalda Daniýanyň “Kopengagen” topary bilen duşuşar.  Daniýanyň “Kopengagen” topary Türkiýäniň “Istanbul Başakşehir” toparyny 3:0 hasabynda utdy.

Şeýle hem Ukrainanyň “Şahtýor” topary Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Germaniýanyň “Wolfsburg” toparyny 3-0 hasabynda ýeňip, çärýek finala çykdy.

Ýewropa Ligasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş mart aýynda togtadylypdy. UEFA bu ýaryşyň galan duşuşyklaryny Germaniýanyň Köln, Duýsburg, Dýusseldorf we Gelzenkirhen şäherlerinde geçirmek barada karar geldi.

Çärýek final duşuşyklary 10-11-nji awgustda, ýarym final duşuşyklary 16-17-nji awgustda, final bolsa 21-nji awgustda Kölnde oýnalar. Duşuşyklar tomaşaçysyz geçirilýär.

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri