Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller hakyndaky aladalar bilim işgärleri üçin döredilýän mümkinçilikler bilen sazlaşýar. Türkmen ýaşlarynyň sowatlylygyny, edep-terbiýeliligini, hünär başarnyklylygyny, şahsyýet hökmünde kemala gelşini üpjün etmekde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. Şonuň üçin gadym döwürlerde hem nesliň ylym atasyna, halypalaryna aýratyn hormat bilen garalypdyr. Bu günki günde bolsa şol asylly käriň eýeleri bolan mugallymlara döwlet derejesinde aýratyn sarpa goýulýar.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýy ösüşiň ýokary derejesine göterildi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 19 sany orta mekdep, 13 sany çagalar bagy, okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze açylan bilim ojaklarynda döwrebap bilim we terbiýe almak üçin ähli şertleriň bolmagy hem-de olaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi buýsançlydyr.
Mugallymçylyk käri uly hormata mynasypdyr, çünki mugallym ýer ýüzündäki ähli ynsanlaryň halypasydyr. Kämil mugallymda ýokary hilli ylym-bilim bilen bir hatarda, ajaýyp ahlak sypatlary jemlenendir.Alkyş eýesi hasaplanýan mugallymçylyk käri – köpugurly, döredijilikli zähmeti talap edýär.
Häzirki wagtda sany barha artýan ýaş mugallymlara berilýän bilimiň hili ýokarlandyrylyp, olar bilen hünär ugurlaryna laýyklykda sanly ulgam arkaly sapaklar geçilýär, nazaryýetde alan bilimleri tejribelikler arkaly özleşdirilýär. Halkara tejribesine, milli pedagogika, mugallymçylyk nazaryýetine laýyklykda bilim alan ýaş mugallymlar döwrebap usulyýetden baş çykaryp, sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanmagy başarýarlar.
Bilim edaralarynda zähmet çekmäge girişen ýaşlara tejribeli hünärmenler we mugallymlar halypa hökmünde berkidilýär, edaranyň işi bilen tanyşdyrylýar. Halypa-şägirtlik ýörelgesine laýyklykda, ýaş bilim işgäriniň mynasyp tejribe toplamagy, alan bilimlerini diňe oňyn maksatlara gönükdirmegi, güýç-gaýratyny diňe talyplaryň, diňleýjileriň bähbidine sarp etmegi üçin oňa usuly kömek, maslahat we ýardam berilýär.
Kämil bilimli mugallymyň okadýan sapaklary hem gyzykly we täsirli bolýar. Okatmak we terbiýelemek işi mugallymda öňdebaryjy dünýägaraýşyň, ýokary ahlak sypatlaryň, ösen derejedäki bilim başarnyklaryň, endikleriň, pedagogik ukybyň ýokary bolmagyny talap edýär. Pedagogik ukyp bolsa ýyllaryň dowamynda ýygnalyp, tejribeleriň üsti bilen kämilleşýär. Hakyky mugallym şahsyýete täsir etmegiň özboluşly pedagogik usulyndan peýdalanmagy başarmalydyr.
