DÜNÝÄ

Antoniu Guterriş Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine çagyryldy

Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu Ženewa şäherinde BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyp, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň şu ýylyň iýulynda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak baradaky çakylygyny gowşurdy. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

– Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygy, Almaty şäherinde Merkezi Aziýa we Owganystan üçin BMG-niň durnukly ösüş üçin sebit merkezini döretmek başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, metbugat beýanatynda habar berilýär.

Guterriş çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň durnukly ösüşi ilerletmek ugurndaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

2023-2024-nji ýyllarda Gazagystan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýär. 2001-nji ýylyň 15-nji iýunda Şanhaýda döredilen bu gurama Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan agza. 2017-nji ýylda olaryň arasyna Hindistan we Pakistan, 2023-nji ýylda bolsa, Eýran goşuldy. Belarusyň hem bu gurama agza bolmagy üçin degişli işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Related posts

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlyk görülýär

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iň gymmat doňdurma

Eýranda 5 gün ýas yglan edildi