BIZNES

Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy bilen hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary N.Samatowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we söwda dolanyşygyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, özbek tarapy “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işi barada tanyşdyrdy.

Related posts

52 ülkesinden 145 medya mensubu Antalya’da bir araya geldi

vepa

Her ulagdan 86 müň ýewro peýda gördi

Ata Watan Eserleri

Türkiye’de üniversite eğitimi

vepa