DÜNÝÄ

Wengriýada täze prezident saýlandy

Wengirýanyň parlamenti ýurduň Konstitusion kazyýetiniň başlygy Tamaş Şuýoky Wengriýanyň Prezidenti wezipesine saýlady. Şuýok üçin deputatlaryň 134 ses berdi, 5 deputat garşy çykdy.

Tamaş Şuýok bilimi boýunça hukukçy. Ol hukuk maslahatçysy, adwokat we Awstriýanyň hormatly konsuly boldy. 10 ýyldan bäri, ýagny 2016-njy ýylda Konstitusion kazyýetiň başlygy wezipesine bellenipdi.

10-nji fewralda Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak wezipesinden meýletin gidipdi.

Related posts

Wladimir Putin Gazagystana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Ýaponiýa akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar