DÜNÝÄ

Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz döwür başlandy

Hytaýyň hökümeti Gruziýa üçin wizasyz düzgüni girizmek hakynda karar kabul etdi. Bu barada Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahizde hökümet mejlisinde habar berdi.

Gruzin metbugatynyň habar bermegine görä, Gruziýanyň raýatlary mundan beýläk 30 gün Hytaýda wizasyz galmaga mümkinçilik aldylar.

– Bu möhüm çözgüt biziň raýatlarymyzyň Hytaýa gidip-gelmegine ýeňillik döreder, şeýle hem Gruziýa bilen Hytaýyň arasynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze mümkinçilikler döreder – diýip, Premýer-ministr belläp geçdi.

Kobahizde bu çözgüdiň geçen ýyl Tbilisi bilen Pekiniň arasynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň möhüm netijeleriniň biridigini belledi.

Related posts

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy

Awtoulag boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi

Buharestde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi