DÜNÝÄ

«Titanikdäki» telegraf alnar

ABŞ-nyň kazyýeti  Atlantika ummanynyň düýbünde ylmy-gözleg işlerini geçirip, «Titanigiň» böleklerini öwrenmäge we Markoni telegrafyny almaga rugsat berdi.

«The Washington Post» neşiriniň habaryna görä, Wirjiniýa federal kazyýeti ABŞ-nyň «RMS Titanic Inc» kompaniýasynyň Markoni simsiz telegrafyny almagyny makullady. Bu telegraf enjamy 1912-nji ýylda gäminiň ekipažy tarapyndan howply ýagdaýlarda kömek çagyrmak maksady bilen ulanylypdyr.

Ekspedisiýa bu işde suwaty robotlaryndan peýdalanar. Gözleg-barlag işleri şu ýylyň tomsunda başlanar. Aýdylyşy ýaly, ýörite topar telegrafy täzeden işletmäge çalşar.

Related posts

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Kanadadaky sowuk rekord üstüne rekord goýýar

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýa-Russiýa parlamentara forumyny guramak meýilleşdirilýär