DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna saparyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy saud tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Umra hajyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük saparynyň ýokary dereje gurnalandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gidişini we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, dürli ugurlardaky türkmen-saud gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin bilelikdäki hereketleriň takyk meýilnamasy kesgitlenildi.

Meseleleriň giň gerimi boýunça ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi üçin iýun aýynyň ahyryna çenli Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň Türkmenistana saparyny gurnamak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda Er-Riýadda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bu çäreleriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly geçiriljekdigi bellenildi.

 

Meşhur futbolçy türk toparyna tälim berer

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi