DÜNÝÄ

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary “Sakura” maksatnamasyna gatnaşdylar

Tokioda geçirilen “Sakura” ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.

Bu maksatnamanyň işiniň çäklerinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilendigi we halkara derejesinde ýaşlar syýasaty babatynda geçirilýän çäreleriň ilerledilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi barada belledi.

“Sakura” halkara maksatnamasy mekdep okuwçylarynyň we ýaşlaryň dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaşlar bilen ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda özara tejribe alyşmaklary üçin uly ähmiýete eýe boldy.

Related posts

Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Pusan şäherinde syýahatçylyk boýunça 1-nji Global sammite gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Arkadag şäher we Sankt-Peterburg hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler