DÜNÝÄ

Türkmen-katar hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen, iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda hem bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy