TEHNOLOGIÝA

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

Amerikanyň “Nova-C” (“Odisseý”) atly kosmos gämisi Aýa gondy. ABŞ-nyň Aýa dolanyp gelmegi we kosmos gämisiniň aýa gondurylmagy NASA edarasy tarapyndna göni ýaýlymda alnyp berildi. Kosmos enjamy Aýyň günorta ýarym bölegini üstünlikli gondy.

– Şu gün ýarym asyr gowrak wagtdan soňra Birleşen Ştatlara Aýa dolanyp geldi. NASa bilen täjirçilik hyzmatdaşlygyň geljegi we güýji görkezildi – diýip, NASA edarasynyň ýolbaşçylaryndan Bill Nelson göni ýaýlymda çykyş etdi.

Aýa gondurylan enjam “Intuitive Machines” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. “Odisseý” ABŞ-nyň hususy kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji kosmos gämisidir. Şeýle hem bu kosmos gämisi 1972-nji ýylda “Apollon-17” kosmos enjamyndan soňra Aýa gonan enjam boldy.

“Odisseý” kosmos gämisi ” SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” raketa göterijisi bilen 15-nji fewralda Jon Kennedi adyndaky kosmos merkezinden Aýa uçurylypdy.

“Odisseý” kosmos gämisinde 6 sany dürli peýdaly ýük bolup, ol hem NASa tarapyndan “Artemida” missiýasynyň çäklerinde ulanylar.

Related posts

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Airbus” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkiýeli astronawt kosmos giňişligine çykdy

16 ýyllyk “iPhone” telefony satyldy