DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Özbegistanda tanyşdyryldy

Özbegistan Respublikasynyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärede Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow, Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersirtetiniň rektory I.Majidow, Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy S.Saidow, şeýle hem Özbegistanyň ylym-bilim pudagynyň wekilleri we bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary çykyş etdiler.

Çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň kitabynyň ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleriň beýan edilişi hakynda giňişleýin bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda kabul edilen degişli kanunçylyk namalarynyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň berk hukuk esaslaryny düzýändigi nygtaldy.

Dabarada çykyş eden türkmen talyplary Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitabyny ýaşlar bilen baglanyşykly meselelere bagyşlamagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasatyny hemişe üns merkezinde saklaýandygynyň subutnamasydygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar öz Watanyna bolan söýgüsini daşary ýurt wekilleriniň arasynda türkmen halkynyň medeniýetine we däp-dessurlaryna mynasyp wekilçilik etmek hem-de saýlap alan hünärlerini kämil derejede ele almak arkaly beýan etjekdiklerini bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy