JEMGYÝET

Öňdebaryjy pikirleri, döwrebap teklipleri öňe sürmek :Ökde, tejribeli hünärmenler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki Çykyşynda, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilýän iş toparlarynyň düzümine öňdebaryjy pikirleri, döwrebap teklipleri öňe sürmek üçin ökde, tejribeli hünärmenleri, bilermenleri giňden çekmeli we Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny, kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreleri görmelidigine üns çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem, hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seljerme işlerini geçirmek, teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda deputatlardan, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat hukuk-bilermenler toparyny döretmelidini belledi. Mejlisde şeýle hem kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklaryny guramalydygy barada aýdylyp geçildi.

Related posts

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 3 ýyl doldy

Galyndylardan dökün öndürýär

Ata Watan Eserleri

The Turkmen delegation took part in the work of the 68th session of the Executive Committee of the Program of the United Nations High Commissioner for Refugees

vepa