SPORT

Täjigistanyň milli ýygyndysynyň taryhy üstünligi

Täjigistan ilkinji gezek gatnaşýan Aziýanyň Kubogynda “A” toparçada Liwanyň milli ýygyndysyny ýeňip, taryhy üstünligini gazandy.

Katarda geçirilýän Aziýanyň Kubogy ýaryşynda garaşylmadyk netije gazanyldy. Bu ýaryşy ilkinji gezek gatnaşýan Täjigistanyň milli ýygyndysy 1/8 finala çykmagy başardy. 18-nji gezek geçirilýän hem-de Aziýanyň iň güýçli milli ýygyndysyny mälim etjek bu ýaryşda “A” toparçasynda çykyş edýän Täjigistan Liwany 2:1 hasabynda utup, 1/8 finala çykdy.

Bu toparçada ýer eýeleri Katar 9 utuk jemledi. Täjigistanyň utugy 4, Hytaý 2 we Liwan 1 utukda galdy. Şeýlelikde, “A” toparçada Katar bilen Täjigistan indiki tapgyra çykdy.

Täjigistanyň ýygyndysy indiki tapgyrda Özbegistanyň ýygyndysy bilen oýnar.

Related posts

Türkmen türgenleri Pariž Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler

“Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Ýurdumyzyň samboçylary Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky ýaryşyň ilkinji gününde alty medal gazandylar