Häzirki wagtda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman üstaşyr-ulag geçelgeleri boýunça täze ýük gatnawlary we Hytaý-Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ugry boýunça konteýner gatnawlary döretmek baradaky öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.
“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Özbegistan-Azerbaýjan – Gruziýa, Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugrlaryndan 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 52 sany konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirildi.
Hasabat döwründe, 2023-nji ýylyň 12 (on iki) aýynda Türkmenistanyň çäginden jemi 10799 sany konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy, şol sanda: üstaşyr 5614, eksport 2316 we import 2869 sany konteýnerlerde ýükler daşaldy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 356 sany konteýner ýük daşamalaryň mukdary köpeldi.
