SPORT

“Arkadag” topary Türkiýede ukrain topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi «Arkadag» futbol topary şu aýyň ahyrynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Türkiýe Respublikasyna gitmegi meýilleşdirýär. Bu barada “jankoyer.com.tm” internet neşiri habar berýär.

Täze möwsüme ýokary derejede taýýarlanmagy maksat edinýän topar bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hem birnäçesini geçirer. «Sportarena.com» saýtynyň habar berşi ýaly, «Arkadag» futbol toparynyň 10-njy fewral güni Türkiýede Ukrainanyň «Dnepr-1» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegine garaşylýar.

«Dnepr-1» Ukrainanyň iň güýçli toparlarynyň biridir. Ol ýurduň çempionatynyň birinji ýarymyny ikinji orunda tamamlady.

Related posts

Sport ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

«Moto 3»-de türkiýeli türgeniň üstünligi

Angliýada ýylyň duşuşygy: “Mançester Siti” 2 – 2 “Liwerpul”