JEMGYÝET

2023-nji ýyl 52 sany konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

Häzirki wagtda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman üstaşyr-ulag geçelgeleri boýunça täze ýük gatnawlary we Hytaý-Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ugry boýunça konteýner gatnawlary döretmek baradaky öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Özbegistan-Azerbaýjan – Gruziýa, Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugrlaryndan 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 52 sany konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirildi.

Hasabat döwründe, 2023-nji ýylyň 12 (on iki) aýynda Türkmenistanyň çäginden jemi 10799 sany konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy, şol sanda: üstaşyr 5614, eksport 2316 we import 2869 sany konteýnerlerde ýükler daşaldy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 356 sany konteýner ýük daşamalaryň mukdary köpeldi.

Related posts

Türkmenistan Bakanlar Kurulu Toplandı: İpek Yolu bisiklet turu düzenlenecek

vepa

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz has-da ösdüriler