SPORT

“Merw” Awazada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

21-nji ýanwarda Marynyň «Merw» futbol topary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirmek üçin awtobusly iş saparyna ugrady. Bu barada “jankoyer.com.tm” internet neşiri habar berýär.

Ýaş tälimçi Jemşit Orazmuhammedowyň şägirtleri 22-nji ýanwardan başlap deňiz ýakasyndaky syýahatçylyk merkezinde bir hepdäniň dowamynda türgenleşerler. Klubyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Awazadaky türgenleşikler 28-nji ýanwara çenli dowam eder.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, täze möwsümiň türgenleşiklerine ýanwar aýynyň ilkinji günlerinden girişen «Merw» düzümini ýaş we tejribeli futbolçylaryň birnäçesi bilen güýçlendirdi. Toparyň ozalky derwezeçisi Merdan Saparow bolsa Jemşit Orazmuhammedowyň tälimçiler ştabyna goşuldy. Geçen ýyl Ýokary ligada sekizinji orny eýelän «Merw» täze möwsümde üstünlikli çykyş edip, ýene-de AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini dikeltmek isleýär.

Ýene-de okaň

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi