SPORT

Dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi

Şu gün Kataryň paýtagty Doha şäherinde futbol boýunça dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi. Häzirki wagtda dünýä çempionatyna gatnaşjak 32 milli ýygyndynyň 29-sy belli boldy. Ýene-de 3 ýygyndy pleý-off tapgyryndan soňra belli bolar.

Çempionata gatnaşýan milli ýygyndylar 8 topara bölündi.

TOPARLAR ŞEÝLE:

 A topary: Katar (ýer eýeleri), Ekwador, Senegal, Niderlandlar

B topary: Angliýa, Eýran, ABŞ, Uels-Şotlandiýa/Ukraina ýeňijisi

C topary: Argentina, Saud Arabystan, Meksika, Polşa

D topary: Fransiýa, Peru-Awstraliýa/BAE ýeňijisi, Daniýa, Tunis

E topary: Ispaniýa, Kosta-Rika-Täze Zelandiýa ýeňijisi, Germaniýa, Ýaponiýa

F topary: Belgiýa, Kanada, Marokko, Horwatiýa

G topary: Braziliýa, Serbiýa, Şweýsariýa, Kamerun

H topary: Portugaliýa, Gana, Urugwaý, Günorta Koreýa

Ilkinji gezek gyş paslynda geçirilýän dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry-18-nji dekabry aralygynda geçiriler.

Final duşuşygynyň 18-nji dekabrda geçirilmeginiň özboluşly ähmiýeti bar. Şol gün Kataryň garaşsyzlyk gazanan günüdir.

Şu çempionatyň bijeleri bilen baglanyşykly ýene-de bir gyzykly maglumat, ol hem Angliýanyň ýygyndysy baradadyr. 1966-njy ýyldan soňra Angliýa ilkinji gezek çempionatyň birinji güni duşuşyk geçirer.

B toparda çykyş edýän Angliýa Eýran, ABŞ, Uels-Şotlandiýa/Ukraina ýeňijisi bilen bäsleşer.

Angliýanyň ýygyndysy 1966-njy ýyldaky çempionatda çempion bolupdy. Ol hem Angliýanyň ýeke-täk çempionlygydyr.

 

Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi

Ýene-de okaň

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy