BIZNES

Türkmen tarapy Owganystanyň Nur-ul-Jihad kiçi bekedini döwrebaplaşdyrar

Owganystanyň iri “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) elektroenergetika kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada owgan kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda Hyratdaky Nur-ul-Jihad kiçi bekediniň döwrebaplaşdyrmak taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň taslamanyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanmagy we taslamanyň öz wagtynda tamamlanmagy üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegini maslahatlaşdylar.

Owgan tarapy tehniki toparlaryň duşuşyklarynda teklipleriň işlenip düzülmegi we desganyň enjamlary boýunça bilelikdäki ylalaşygyň gazanylmagynyň möhümdigini bellediler.

Tükrmen tarapy owgan tarapyna hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, elektrik energiýany satyn almak hem-de tehniki taslamalar boýunça meseleleriň bilelikde ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny mälim etdiler.

Taraplaryň tehniki toparlarynyň duşuşygy ikitaraplaýyn teswirnama gol çekilmegi bilen tamamlanar.

Hyratdaky kiçi bekediň döwrebaplaşdyrylmagy bilen Türkmenistandan satyn alynýan elektrik energiýanyň möçberi artar hem-de Owganystanyň demirgazyk-günbatar sebitlerindäki energiýa zerurlygyna bolan islegler kanagatlandyrylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar