PEÝDALY MASLAHAT

Içerki zähmet migrasiýasy barada…

Içerki migrasiýany düzgünleşdirmek, içerki migrantlaryň öz hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmegi, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň beýleki raýatlarynyň öňündäki öz borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin zerur şertleri üpjün etmek maksady bilen, raýatlar bolýan ýeri boýunça bellige alynýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. 

Wagtlaýyn bellige durmaklyk – işlemek, okamak ýa-da wagtlaýyn ýaşamak maksatlary bilen, hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan 45 senenama günden köp möhlet başga ýerde bolnanda, wagtlaýyn bellige durmaga degişli bolup durýar. Bu düzgün Türkmenistanyň raýatlaryna degişlidir.

Ýurdumyzyň welaýatlaryndan Aşgabat şäherine gelip, zähmet işini amala aşyrmak üçin, ilki bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden, Aşgabat şäherinde zähmet işini amala aşyrmak üçin iş rugsatnamasyny almaly.

Iş rugsatnamasyny almak üçin iş beriji ýa-da özbaşdak iş bilen meşgullanýan raýat tarapyndan (edara, kärhana ýa-da hususy telekeçi) Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ýüz tutmaly.

Ministrlikde ýüztutmalar we olara goşulan resminamalar kabul edilen senesinden başlap 15 günüň dowamynda seredilýär, zerur halatynda bu möhlet 30 güne çenli uzaldylyp bilinýär.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Tel: (+99312) 39-48-05. e-mail: mlsp@online.tm

Aşgabat şäherinde işlemek maksady bilen gelen raýatlara iş rugsatnamasy resmileşdirilenden soňra, 5 iş günüň dowamynda bolýan ýeri boýunça bellige durmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirligine ýüz tutmaly.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň salgy: Aşgabat şäheriniň Azady köçesiniň 57-nji jaýy. Tel: +993 (12) 94-10-35. e-mail: ashgabat@migration.gov.tm

Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda, raýat-hukuk şertnamalary esasynda hyzmatlary ýerine ýetirýän raýatlaryň, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan adamlaryň bellige alynmagy şol şahslaryň işe başlan senesinden 5 iş gününiň dowamynda degişli migrasiýa gullugynyň edarasyna ýüz tutmagy arkaly amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplar, olaryň okuwa kabul edilendigi barada degişli buýrugyň çykarylan senesinden 5 iş gününiň dowamynda şol edaralaryň ygtyýarly wekiliniň häkimlige ýüz tutmagy arkaly amala aşyrylýar.
Hususy maksatly wagtlaýyn bolýan raýatlar, bolýan ýeri boýunça wagtlaýyn bellige durmak üçin degişli etrap häkimliklerine ýüz tutmaly.
Raýatlaryň bolýan ýeri boýunça bellige alynmagy tölegsiz esasda amala aşyrylýar.

Zähmet işini amala aşyrýan raýatlar wagtlaýyn bolýan ýerleri boýunça 1 ýyla çenli, talyplar, okuwçylar okuw möhletiniň tamamlanýan wagtyna çenli bellige alynýarlar.

Bellige alynmagyň hereket möhletini uzaltmak üçin möhletiniň tamamlanmagyndan öň ýüz tutmaly.

Bellige alnan raýatlaryň ýaşaýan salgylary üýtgände iş berijiler tarapyndan migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutmagy esasynda 5 iş günüň dowamynda täze salgysy boýunça bellige alynýarlar.

Iş berijiler, işlemek üçin gelýän raýatlary işe kabul edenlerinde şu aşakdakylara borçlanýar:

  1. işe çagyrylýan adamlary ýaşaýyş meýdany bilen üpjün etmäge;
  2. bellene möhletlerde bolýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda bellige goýmaga;
  3. işe çagyrylýan adam işden boşanda, özbaşdak iş ýerini taşlap gidende bu barada ygytyýarly edaralara habar bermäge.

Bellige alyş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ulanmaga ýaramsyz bolan ýagdaýynda, bellenen tertipde şahslaryň ýüz tutmagy esasynda 3 günüň dowamynda degişlilikde migrasiýa gullugynyň edaralary, häkimlikler tarapyndan onuň öwezligi resmileşdirilip berilýär.

Wagtlaýyn bellige durmak üçin gerekli resminamalar:

  • Ýüztutmasy;
  • Pasport we nusgasy;
  • 1 sany reňkli fotosuratyny (30×40 mm. ölçegde);
  • ýaşaýyş jaýynda wagtlaýyn ýaşamagyna esas bolup durýan resminamany (kärendä bermek barada raýat-hukuk şertnamasynyň nusgasy, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edýän şahsyň arzasy ýa-da beýleki resminamalar)

Bellik: Bir welaýatyň ýa-da welaýat hukukly şäheriň çäginde hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan, kyrk bäş senenama gününden köp möhlete başga ýere (şol welaýatyň çägine ) wagtlaýyn giden wagtlaýyn bellige durmakdan boşadylýar.

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär