JEMGYÝET

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär

Şu gün — 27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat hem-de sergi öz işine başlady. Bu foruma “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy we deputatlary, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahata hem-de sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny diňlediler.

Ýaşlar forumyna gatnaşýan ýaşlaryň arasynda ýaňy-ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynda ýurdumyza ýokary derejede wekilçilik edip, altyn, kümüş hem-de bürünç medallary gazanan türkmen erkek we zenan ýaş türgenlerimiziň bardygy bellärliklidir.

Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşmaga başladylar. Söwda-senagat edarasynyň sergi zalyndaky pawilýonlarda ýurdumyzyň halka hojalygynyň ähli pudaklary hem-de welaýatlary bilen bir hatarda Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň gazanýan üstünlikleri görkezilýär.

Mundan başga-da, sergide ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri öz dowarlyklary ýerleşdirip, şol ýerde bilim edaralarynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýarlar.

Sergi zalyndaky diwarlyklar myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Myhmanlar olar bilen içgin tanşyp, iň gowy diwarlygy kesgitlemek boýunça bäsleşige öz seslerini hem berip bilerler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan serginiň işi 30-njy dekabra çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi