SPORT

Fatih Terim “Panatinaikos” toparyna tälim berer

Türkiýe Respublikasynyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem-de “Galatasaraý” toparynyň meşhur tälimçilerinden biri bolan Fatih Terim, Gresiýanyň “Panatinaikos” toparyna tälim berer.

Gresiýanyň ýokary ligasynda çykyş edýän “Panatinaikos” topary Fatih Terim bilen 1.5 ýyllyk şertnama baglaşar. Bu barada toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

Dünýä belli meşhur türk tälimçisi Fatih Terim soňky gezek 2021-2022-nji möwsümde “Galatasaraý” toparyna tälim beripdi.

70 ýaşyndaky tejribeli tälimçi 13 ýyldan bäri çempion bolmagy arzuw edip gelýän grek toparynyň bu maksadyna ýetmegine goşant goşar. Häzirki wagtda bu topar 34 utuk bilen ikinji orunda barýar. Gresiýanyň ligasynda öňdeligi PAOK topary eýeleýär.

1996-2000-nji ýyllarda “Galatasaraý” toparyny Ýewropanyň öňdebaryjy toparyna öwren Fatih Terim Italiýanyň “Fiorentina” hem-de “Milan” toparlaryna hem tälim berdi.

Ýene-de okaň

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym