SPORT

Ronaldo jemgyýetçilik torlarynyň iň meşhury

“Facebook”, “Instagram” we “X” jemgyýetçilik torlarynda iň meşhurlaryň hataryna girýän dünýä belli futbolçylary yzarlaýanlarynyň sany gün-günden köpelýär.

Portugaliýaly ýyldyz Kristiano Ronaldo ýaşyl meýdançada görkezýän üstünliklerini jemgyýetçilik torunda hem dowam etdirýär.

“Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid” we “Ýuwentus” ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynda oýnandan soň karýerasyny Saud Arabystanyna gönükdiren 38 ýaşly Ronaldo saud ligasynda 17 oýnunda 19 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda birinji orunda barýar.  bilen patyşa üçin ýaryşyň başynda durýar.

Jemgyýetçilik torlarynyň hem iň halanýan şahsyýetlerinden biri bolan Ronaldo üç jemgyýetçilik platformasyndaky yzarlaýjylarynyň sanyny 893,5 milliona ýetirdi.

Portugaliýaly ýyldyzyň “Instagram”-da 615 million yzarlaýjysy, “Facebook”-da 168 million yzarlaýjysy we “X”-da bolsa, 110,5 million yzarlaýjysy bar.

“Instagram” we “Facebook” -da iň köp halanýan meşhurlaryň sanawynda birinji orunda duran portugaliýaly futbolçy “Twitterde” 4-nji ýerde durýar.

2022-nji ýylda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda 36 ýyldan soň Argentinany çempion eden hem-de ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynda çykyş edýän Lionel Messiniň soňky döwürde janköýerleriň sanyny artdy.

ABŞ-da futbola bolan gyzyklanmanyň has-da artmagyna goşant goşan Messiniň “Instagram” -da 496 million, “Facebook” -da 116 million yzarlaýjysy bar. Argentinaly ýyldyzyň “X”, ýagny ozal “Twitterde” hasaby ýok.

Ronaldo we Messiden soň Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparynda futbol karýerasyny dowam etdirýän braziliýaly Neýmar sosial ulgamlarda iň meşhur oýunçy hökmünde tapawutlanýar. 31 ýaşly braziliýaly ýyldyzyň üç platformada jemi 372 million yzarlaýjysy bar.

Kilian Mbappe we “Liwerpul”-yň müsürli ýyldyzy Mohammed Salah hem soňky ýyllarda jemgyýetçilik torlarda yzarlaýjylary artýar. Jemi üç platformada Mbappe muşdaklarynyň sany 140,3 million, Salahyň bolsa 98 milliona barabardyr.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy