Mälim bolşy ýaly, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah 86 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “AP” habarlar gullugy habar berýär.
Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy 83 ýaşyndaky Şeýh Maşaal Al-Ahmed Al-Jaber As-Sabah ýurduň täze Emiri diýlip yglan edildi. Bu barada Kuweýtiň teleýaýlymyna ýurduň hökümetiniň başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça döwlet ministri issa al-Kandari habar berdi.
Kuweýtiň Konstitusiýasyna laýyklykda, Emir aradan çykandan soňra mirasdüşer şazada onuň orununa geçýär. Ýöne ol ýurduň Milli geňeşi (bir palataly parlamenti) kasam kabul edenden soňra wezipesine girişýär. Täze Emiriň mirasdüşer şazadany bellemek üçin bir ýyl wagty bar.
