DÜNÝÄ

Kuweýtiň täze Emiri yglan edildi

Mälim bolşy ýaly, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah 86 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “AP” habarlar gullugy habar berýär.

Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy 83 ýaşyndaky Şeýh Maşaal Al-Ahmed Al-Jaber As-Sabah ýurduň täze Emiri diýlip yglan edildi. Bu barada Kuweýtiň teleýaýlymyna ýurduň hökümetiniň başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça döwlet ministri issa al-Kandari habar berdi.

Kuweýtiň Konstitusiýasyna laýyklykda, Emir aradan çykandan soňra mirasdüşer şazada onuň orununa geçýär. Ýöne ol ýurduň Milli geňeşi (bir palataly parlamenti) kasam kabul edenden soňra wezipesine girişýär. Täze Emiriň mirasdüşer şazadany bellemek üçin bir ýyl wagty bar.

 

Ýene-de okaň

Trampdan soňra Putin hem Hytaýa sapara barýar

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder