JEMGYÝET

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Şu gün — 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň çyralarynyň ýakylyş dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň Baş arçasy «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşdirildi.

Baýramçylyk arçasyny bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň yşyklandyryjy çyra ulanyldy. Arçanyň özi Sibirden getirilen tebigy arça şahalaryndan durýar. Onuň ýokarsynda 2024 ýazgyly sekizburç ýyldyz oturdyldy, eteginde bolsa Täze ýyl baýramçylygynyň ruhundaky dürli suratlary görkezýän monitorlar ýerleşdirilendir. Şeýle hem olar meýdançanyň multimediýa girelgesi gurlanda ulanyldy. Umumy alanyňda, bu enjamyň 1100 inedördül metri ulanyldy.

Her ýyl adat bolşy ýaly, Aýazbaba we Garpamyk uzak illerden gelip, «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşdirilen Baş arçanyň çyralaryny ýakýarlar.

Related posts

Daşogzuň “Türkmeniň ak öýi” binasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy

Ata Watan Eserleri

Amerikan Merkezinde “Ylmy lageri”geçirilýär.

Ata Watan Eserleri