JEMGYÝET

Türkmen ýaşlary Hytaýa we Wengriýa okuwa iberiler

2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýaşlaryny Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ibermegiň mümkinçiligi barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow hasabatynda türkmen ýaşlaryny Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ibermek mümkinçiligi barada belläp geçdi.

Döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýaşlarymyzyň müňlerçesi daşary ýurtlaryň abraýly  ýokary bilim edaralarynda bilim alýarlar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlary, matematika we tebigy ylymlary ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okamak üçin ýurdumyzyň mynasyp ýaşlaryny ibermegiň wajypdygyny belledi.

 

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-ň Başlygyna gynanç bildirdiler

Howa maglumaty: hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar

Singapuryň ýolbaşçylaryndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty