BIZNES

Türkmenistanyň banklarynyň kart ulgamy kämilleşdiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň bank ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bank işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ilata edilýän ýokary hilli ugurdaş hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýandygyny hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, töleg kartlarynyň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň banklarynyň kart ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň  zerurdygyny belledi. Bu işde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesinden ugur alynmalydygy babatda tabşyryklar berdi.

Related posts

Birža täzelikleri: owgan işewürleri el halylaryny satyn aldy

“Balkan” zawody koreý kompaniýasy bilen bilelikde gämi gurar

Ýanwar-noýabr: öndürilen önümiň möçberi 12,1 göterim artdy