BIZNES

“Amazon” ilkinji egin-eşik dükanyny açar

ABŞ-da ýerleşýän “Amazon” korporasiýasy şu ýyl Kaliforniýanyň Los-Anželes şäherinde ilkinji “Amazon Style” egin-eşik dükanyny açar. Bu barada kompaniýanyň web sahypasynda çap edilen metbugat beýanatynda aýdylýar.

– Müşderileriň aýal-gyzlaryň we erkekleriň egin-eşikleriniň, aýakgaplarynyň we esbaplarynyň köp görnüşini tapyp bilýän ilkinji bölek satuw dükanymyz bolan “Amazon Style” dükanyny açýandygymyzdan hoşal” – diýip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Müşderiler “Amazon Shopping” ýöriteleşdirilen programmasynda QR kodlaryny ulanyp, belli bir önümiň ululygy, reňki, şeýle hem beýleki aýratynlyklary barada maglumat alyp bilerler.

Egin-eşik çalşyrylýan otagdaky sensor ekrandan müşderiler özüniň halaýan harytlary saýlap alyp bilerler, dükanyň işgärleri bolsa, şol harytlary müşderä e;’k .al;yrylýan nokada eltip berer.

“Amazon” – elektron söwda, emeli intellekt we multimediýa boýunça ýöriteleşen Amerikanyň kompaniýasydyr.

 

“Instagram” ABŞ-da tölegli abunalygy hödürleýär

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar