DÜNÝÄ

Aşgabatda türkmen-rus 2-nji işewürler forumy geçiriler

Russiýa Federasiýasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen  Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Taraplar 2024-nji ýylyň ýanwarynda hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

– Taraplar 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň başlyklarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine, bu hökümetara toparynyň 13-nji mejlisine taýýarlyk görmek hem-de 2024-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda türkmen-rus 2-nji işewürler forumyny geçirmek babatdaky meseleler boýunça pikir alyşdylar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Şeýle hem taraplar duşuşygyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hem duşuşygy boldy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri