SPORT

Kuraş-2023: Sowgatlyk we ýadygärlik harytlar

Şanly seneler, baýramçylyklar, halkara ýaryşlardyr festiwallar mynasybetli taýýarlanylýan sowgatlyk we ýadygärlik önümler ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýerlerinde hem milli we ýadygärlik önümleriň söwda nokatlary guralar. Bu barada “Watan” gazeti habar berýär.

Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we oňa ýanaşyk türgenleşik merkezlerinde milli we ýadygärlik önümleriň söwda nokatlary taýýarlanyldy. Olarda dünýä çempionatynyň nyşany bilen bezelen dürli görnüşli harytlar, gap-gaçlar, dokma önümleri, egin-eşikler, şeýle hem milli äheňdäki sowgatlyklar, başgaplar, ýantorbalar, gurjaklar we beýleki harytlar hödürlenilýär.

Ýadygärlik we sowgatlyk önümler Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň myhmanlaryna ajaýyp sport baýramçylygynyň bir parçasyny ýany bilen alyp gitmäge hem-de myhmansöýer ýurdumyz hakynda hemişe ýakymly duýgulara berilmäge ýardam eder.

Related posts

“Galatasaraý” – Türkiýäniň çempiony

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

Katar-2022: ilkinji duşuşykda Ekwador ýeňdi