SPORT

Argentina Brazliýany ýeňdi

Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynda  Braziliýa bilen Argentinanyň milli toparlary nobatdaky duşuşyklaryny geçirdi. Duşuşykda Lionel Messili Argentina 1:0 hasabynda ýeňiş gaznady.

Çilili Piero Mazonyň eminlik etjek oýny Rio de Žaneýrodaky meşhur «Marakana» stadionynda boldy. Örän dartgynly geçen duşuşygyň ýeke-täk goluny 63-nji minutda Nikolas Otamendi öz adyna ýazdy. Oýnuň 82-nji minutynda brazil hüjümçi Žoelinton gyzyl kart alyp oýunda çykdy.

Duşuşyk başlamazdan ozal, iki ýygyndynyň janköýerleriň arasynda hem dartgynly wakalar boldy.

Şeýlelikde, Argentina duşuşykda ýeňiş gazanyp, utuklarynyň sanyny 15-ä ýetirdi. Braziliýa bolsa, 7 utuk bilen 6-njy orunda galdy.

Bu duşuşyk 2 ýygyndynyň öz arasyndaky 110-njy duşuşyk boldy. «Superclásico de las Américas» diýlip atlandyrylýan bu duşuşyk milli ýygyndylaryň arasynda iň köp geçirilen 2-nji duşuşyk bolup, Angliýa – Şotlandiýa duşuşyklary sanawyň başyny çekýär.

Ýene-de okaň

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar