SPORT

Gwardiola topardan gitjek senesini yglan etdi

“Mançester Siti” toparynyň tälimçisi Hosep Gwardiola ilkinji gezek bu toparyň tälimçiligini haçan goýjakdygy barada maglumat berdi. Ispaniýaly tälimçi 2023-nji ýylda “Mançester Siti” terk etjekdigini we milli ýygyndynyň tälimçisi boljakdygyny aýtdy.

50 ýaşly tälimçi Braziliýada ýaýlyma berilýän ESPN teleýaýlymyna beren beýanatynda 2022-23-nji ýyllaryň ahyrynda häzirki topary bilen baglaşylan şertnamasynyň möhletiniň tamamlanjakdygyny aýdyp, soňra dynç aljakdygyny mälim etdi.

2016-njy ýylda “Mançester Siti” toparyna gelen we iňlis topary bilen 3 gezek liganyň çempiony bolan Gwardiola: “Bu topar bilen 7 ýyl işlänimden soň, durmaly öýdýärin. Dynç alaryn we nämeleriň boljakdygyny görerin. Ýagdaýa baglylykda Günorta Amerikada Ýewropada ýa-da Kopa Amerikada oýnaýan topara tälim berip bilerin. Muny başdan geçirmek isleýärin” diýip belledi.

Mundan ozal, “Bawariýa” we “Barselona” toparlaryna tälim berip, bu toparlar bilen 3 gezek çempionatyň çempiony bolan Pep Gwardiola, 2012-nji ýylda “Barselona” toparynyň tälimçiligini taşlandan soňra bir ýyl dynç aldy we soňra “Bawariýa” toparyna tälimçi boldy.

Gwardiola “Barselona” toparynda futbol oýnan döwründe 6 gezek liganyň çempiony bolupdy.

 

Messiden soňra Ronaldonyň ykbaly nähili bolar?

Related posts

Žurnalistleriň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Artur “Barselonany” terk etdi

Ata Watan Eserleri

Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy