SPORT

Muhammet Alynyň çeken suratlary üçin 1 million dollar

Ady rowaýata öwrülen dünýä belli boksçy Muhammed Alynyň çeken suratlar ýygyndysy 1 million dollara satyldy.

Nýu-Ýorkdaky auksionda meşhur boksçynyň 26 suraty görkezildi. “BBC” teleýaýlymynyň habaryna görä, “Ary ýaly çakmak” atly surat, çaklamalardan 10 esse köp möçberde, ýagny 425000 dollara satyldy.

Bonhams auksion öýi tarapyndan berlen beýanata görä, Muhammet Alynyň ömrüniň dowamynda surat çekendigi, professional suratkeş bolan kakasy tarapyndan höweslendirilendigi we sport suratkeşinden sapak alandygy mälim edildi.

 

“EURO-2024” futbol çempionatynyň nyÅŸany tanyÅŸdyryldy

 

Related posts

Öz ýurdunyň ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy

Ýewropanyň iň güýçli topary şu gün belli bolýar

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy