SPORT

FIFA-nyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekowy gutlady

Futbol Assosiasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino Guwançmuhammet Öwekowy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady. Bu gutlag onuň jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasy arkaly paýlaşyldy.

Guwançmuhammet Öwekowyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýakynda geçirilen konferensiýasynda bu wezipä bellenilendigini ýatladýarys.

Guwançmuhammet Öwekow türkmen futbolynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzlarynyň biridir. 43 ýaşly ozalky futbolçy professional karýerasyna heniz 20 hem ýaşamanka, Aşgabadyň «Nisa» toparynda gadam goýdy. Birnäçe ýyllap, dostlukly döwletiň «Arsenal», «Borisfen», «Worskla» toparlarynyň köýnekçesini geýdi. 2005-nji we 2006-njy ýyllarda Özbegistanyň «Nawbahor» toparynda çykyş edensoň, ýene-de Ukraina dolanyp, «Zarýa» we «Harkow» toparlarynda futbol oýnady. Şondan soň futbolçy Gazagystanyň «Žetisu», Özbegistanyň «Nawbahor» (ikinji gezek) we «Horezm» toparlarynyň köýnekçelerini geýdi. 2011-nji we 2012-nji ýyllarda «Balkan» (häzirki «Nebitçi») toparynyň üstünlikleri üçin göreşdi. Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda hem birnäçe ýyllap çykyş etdi.

Related posts

«Arkadag» futbol topary 21 utuk toplady

Fransiýa täzeden taryh ýazdy: 14:0-lyk ýeňiş

Ata Watan Eserleri

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady