BILIM

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkara olimpiadalar geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara olimpiadalar barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň arasynda halkara internet olimpiadalaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hususan-da geçirilmegi meýilleşdirilen olimpiadalar şeýle:

  • Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça 2-nji açyk halkara internet olimpiadasy
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça 2-nji halkara internet olimpiadasy
  • Türkmen oba hojalyk institutynda inžener we kompýuter grafikasy boýunça 2-nji halkara internet bäsleşigi
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda rus dili dersi boýunça halkara internet olimpiadasy
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 3-nji açyk halkara fizika internet olimpiadasy.

 

Related posts

Kandidatlyk:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Ata Watan Eserleri

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 7-8-nji maýynda «Açyk gapylar» gününi geçirilýär

Ahal welaýatynda giriş synaglar