BILIM

Döwlet gullugy akademiýasynda «Döwlet dolandyryşy» boýunça okuw geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ýurdumyzda ökde döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda uly işleri durmuşa geçirýär. Ýakynda, has takygy 5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Döwlet dolandyryşy» boýunça okuw geçirilip başlandy. Gysga möhletli bu okuwyň taslamasy Ýewropa Bileleşigi «Hulla & Co.Human Dynamics GmbH & Co.KG» bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Bu barada “turkmengazet.com” internet neşiri habar berýär.

…Şol gün, bize hem žurnalist hökmünde bu ýokary derejeli çärä gatnaşmak miýesser etdi. Akademiýanyň bosagasyndan ätläniňden edilýän işleriň iňňän uludygyna göz ýetirýärsiň. Eýsem, bu ajaýyp ylym ojagynda ylymda, döwlet işinde özüni tanadan ökde mugallymlar barka, edilýän işler neneň ähmiýetli bolmasyn. Dabara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalaryndan, ministrliklerinden wekiller geldiler.

Dabara başlanýar. Ilki bilen giriş sözi bilen taslamanyň ýolbaşçysy Folkert Milh sanly wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edýär. Soňra taslamanyň utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy Babahan Berdiýew öz giriş sözi bilen çykyş edýär.  Leksiýanyň ilkinji temasy: Dolandyryş psihologiýasy. Okuwyň yzygiderliligi sorag-jogap arkaly dowam etdi. «Döwlet dolandyryşy» boýunça gysga möhletli okuwyň açylşyna we 1-nji leksiýasyna žurnalist hökmünde gatnaşsamda, Babahan mugallymyň leksiýasyna gyzygyp gidipdirin.

Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty “Açyk Gapylar” gününe çagyrýar

 

Ýene-de okaň

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi