BILIM

Türkmenistanda daşary ýurtly uniwersitetleriň şahamçalary açylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Mary welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde beren hasabatyna görä, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmek teklip edilýär.

Bellenilip geçilişi ýaly, türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky meselä seretmek teklip edilýär. Onuň esasy maksady ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmek teklip edilýär. Şeýle hem öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Türkmenistan döwletimiz bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýär. Dünýäniň köp sanly döwletleri bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklar gazanylýar. Türkmen ýaşlary Hytaýyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Ýurdumyzda bilelikdäki Türkmen-rus uniwersitetini açmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Russiýada Türkmenistandan, takmynan, 30 müň talyp bilim alyp, dürli ugurlarda hünäre kämilleşýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri