BILIM

“Microsoft” Nigeriýada 5 million adama bilim berer

“Microsoft” kompaniýasy Günbatar Afrikanyň Nigeriýa döwletinde üç ýylda 5 million adama sanly ulgam boýunça okuw berer. Nigeriýanyň Prezidentiniň beren beýanatyna görä, “Microsoft” kompaniýasynyň prezidenti Bred Smit, Nigeriýanyň Prezidenti Muhammet Buhari bilen duşuşdy. Smit saparyň dowamynda eden çykyşynda kompaniýanyň 3 ýylda Nigeriýada 5 million adama sanly ulgam boýunça tälim berjekdigini aýtdy.

Bred Smit 300 müň nigeriýalynyň eýýäm okuwyny tamamlandygyny we 60 müň adamyň hasaba alnandygyny hem aýtdy. Şeýle hem Nigeriýanyň Prezidenti Buhari ýurduň sanly tehnologiýalara has köp başlangyçlary we maýa goýumlaryny goldaýandygyny mälim etdi. Buhari: “Nigeriýadaky Afrika Ösüş Merkeziniň “Microsof”-yň Afrikadaky ilkinji inženerçilik merkezi we häzirki maýa goýumynyň takmynan 200 million dollardygyny maňa habar berdiler. Bu merkez nigeriýalylary iş bilen üpjün eder”-diýdi.

“Microsoft” kompaniýasy Nigeriýanyň söwda şäheri Lagosda 200 million dollarlyk Afrika Ösüş Merkeziniň maksatnamasyny durmuşa geçirdi.

 

Akmät halypanyň medresesi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ankarada adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmak we durnukly ösüş boýunça çemeleşmelerini hödürledi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy açyldy

Türkmenistanda 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy

Türkmen ýaşlarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky üstünlikleri

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar