BILIM

Açyk gapylar: Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi 2021-nji ýylyň 15-nji maýynda sagat 13:00-da orta mekdepleriň okuwçylaryny, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we mekdebe okuwa girmäge isleg bildirýänleri  «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň döwrebap bilim hem terbiýe almagy, ýaşamagy üçin döredilen amatly şertler bilen tanyşmaga, häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen okuw otaglaryna, umumy ýaşaýyş jaýlaryna, sport klubuna aýlanyp görmäge mümkinçilik alarlar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň 13-nji jaýy. Telefon belgileri: 49-48-07; 49-48-04.

 

Türkiýä «Sputnik V» waksinasyny öndürmäge rugsat berildi

 

 

Related posts

Mekdep okuwçylarynyň arasynda ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär

Diplom ykrar etmek üçin resminamalar täze salgyda kabul edilýär