BILIM

Türkmenistanda mekdep bazarlary açyldy

1-nji awgustda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde däbe görä mekdep bazarlary işläp başlady. Ykjam söwda nokatlary kanselýariýa harytlarynyň we okuw esbaplarynyň giň görnüşini hödürleýärler.

Täze 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep eşikleriniň adaty nusgalaryny satuwa çykardylar. Alyjylara oglanlar üçin eşikler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl köýnekler we ak öňlükler teklip edilýär. Köp sanly harytlaryň arasynda türkmen tahýalar hem bar.

Bazaryň ilkinji alyjylary eýýäm täze mekdep eşiklerini satyn almaga geldiler. Satyjylaryň aýtmagyna görä, şu ýyl alyjylar milli nyşanly kostýumlara, futbolkalara we papkalara uly isleg bildirýärler. Bu tötänden däldir, sebäbi sporty ösdürmek we köpçülikleýin bedenterbiýe işjeňligini ýaýmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Mekdep bazarlary 5-nji sentýabra çenli hereket eder.

Mundan başga-da, 19–22-nji awgust aralygynda Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň we daşary ýurtly öndürijileriň çagalar, mekdep okuwçylar we talyplar üçin harytlary hödürlener.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar