BILIM

Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilen sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy geçiriljekdigini habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljek 2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasyny Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirmek hem-de oňa  gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň we paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.

Bu olimpiada daşary ýurtlaryň zehinli ýaşlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

TOHU-da eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda-kooperatiw mekdebi: Talyp: 2021

vepa

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2021 :Abraýly Ýokary Okuw mekdepleri

Ata Watan Eserleri