BIZNES

Türkmen-azerbaýjan işewürler forumy geçiriler

Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky 7-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlise esasan nebitgazda, dokma senagatynda, oba hojalygy we azyk önümçiliginde, gurluşykda we gurluşyk harytlarynda, derman senagatynda, şeýle hem ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda we beýleki ugurlarda işleýän kompaniýalar gatnaşar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde azerbaýjan kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň işewür toparylarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Forumyň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Related posts

Bütindünýä bankynyň Özbegistandaky taslamalar bukjasy 14 milliard dollardan geçdi

İhaleler: 600 Milyonluk Dolarlık Önemli İhale

vepa

Daşary döwletlere 78 müň tonna türkmen pomidory ugradyldy